- huşsuzlyk
- [hu:şsyzlyk]1) Ýatkeş dällik, ýatkeşligi peslik, huşy ýokluk.∙ Wiý, meniň huşsuzlygymy?! (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)∙ Şu huşsuzlygym meni ahyrda bir zadyň üstünden eltäýmese hem ýagşydyr! («Sowet edebiýaty» žurnaly)2) Beýhuşlyk, özünden gidip ýatmaklyk.Ýazuw düzgüni: Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, k sesi g sesine öwrülýär.Meselem huşsuzlyk - huşsuzlygy.
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.